«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda hem döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 sany iri önümçilik we medeni maksatly binalaryň ulanmaga berilmegi göz öňnüde tutulýar. Bu 30 sany iri desganyň 5-si eýýäm, şu ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga berildi. Ýurt berkararlygymyzyň ýubileý ýyly mynasybetli ulanmaga beriljek desgalar barada aýdylanda, aprel aýynda Aşgabadyň günortasyndaky täze Hökümet münberiniň, Halkara Kongres merkeziniň, «Arkadag» myhmanhanasynyň, «Türkmenbaşy» we «Senagat» banklarynyň edara binalaryň, Halkara alabaý itleri assosiasynyň baş edara binasynyň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, maý aýynda paýtagtymyzyň demirgazygynda köpugurly işewürler merkezli bolan kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň we onuň ýanyndaky ýerasty geçelgeli seýilgäh toplumynyň, iýun aýynda Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilen ýadygärlik heýkeliniň, Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde 300 müň orunlyk «Ak öý» binasynyň, Kerki şäherinde howa menziliniň, iýul aýynda bolsa, Balkanabat şäherindäki «Ak öý» binasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan gurulýan Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat-Tejen böleginiň açylmagy göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň tomsunda bolsa. döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda iri dokma toplumlarynyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik bekediniň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda nobatdaky kottejler toplumynyň, Aşgabatda we Daşoguzda köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň ahyryna çenli Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň birinji tapgyrynyň, Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde köpugurly lukmançylyk merkezleriniň ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda ulanylamaga beriljek bu binalar we milli Liderimiz tarapyndan ozal dabaraly ýagdaýda işe girizilen ençeme sany durmuş, önümçilik we medeni maksatly desgalar ata Watanymyz Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik pudagynyň henize çenli görlüp-eşidilmedik ägirt uly ösüşleri başdan geçriýändigini aýan edýär.
Jeýhun MÄMMETMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler