Dil konsepsiýasyny durmuşa geçirmeklik işi üstünliklere beslenýär

         Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» häzirki zaman dünýäsiniň ösen sanly tehnologiýalarynyň esasynda üstünlikli durmuşa geçirmeklik üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde diýseň uly işler amala aşyrylýar.

         Geçen ýyl ýurdumyzyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmeklik maksady bilen türkmençe-iňlisçe, rusça-türkmençe ýörite elektron sözlükler taýýarlanyldy. Häzirki wagtda bolsa, bu institutda türkmençe-arapça elektron sözlügini taýýarlamaklygyň üstünde işlenilýär. Dil öwreniji her bir raýat üçin  daşary ýurt sözlerini dogry okap, dogry aýdyp bilmeklik zerur bolup durýar. Şu zerurlyk göz öňünde tutulyp, institutda kompýuter, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk adalgalarynyň iňlisçe-türkmençe, türkmençe-iňlisçe düşündirişli elektron sözlügine, 4 müňe golaý sözden ybarat bolan lukmançylyk adalgalarynyň iňlisçe-türkmençe elektron sözlügine ýörite ses berildi.

         Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde iňlis, ýapon, hytaý, koreý, rus we türkmen dilleri boýunça açyk sapaklary we dil hepdelikleri yzygiderli geçirilip, oňa gatnaşyjylara dilleri öwretmegiň we öwrenmegiň innowasion multimediýa usulyýetleri öwredilýär.

         Ata Watanymyz Türkmenistanyň  ýokary okuw mekdepleri tarapyndan döredilen elektron sözlükler, sesli sözlükler, robot we dil öwrediji beýleki programmalar ýurdumyzda hereket edýän bilim edaralarynyň ählisinde «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmeklige oňyn täsir etjek milli okuw gollanmalarydyr.  Bu gollanmalar ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini örän aňsatlyk bilen özleşdirip, öz ene dili ýaly suwara bilmeklikleri üçin döredilen mümkinçilikler we şertlerdir.  

Baýramgül ABDLNEBIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok