Ýaş alymlaryň arasynda onlaýn maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda “Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ýaş alymlaryň orny” atly onlaýn konferensiýa geçirildi. Bu konferensiýa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisi sanly aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary özleriniň ylmy nutuklary bilen çykyş etdiler. Has dogrusy,

Rahimow Döwletmyrat özüniň “Magtymguly Pyragynyň döredijiligini sanly tehnologiýalar arkaly öwrenmegiň meseleleri” atly çykyşy bilen, Haýydowa Aýçagül özüniň “Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde döwrebap ýokary bilimli himik hünärmenleri taýýarlamagyň orny” atly çykyşy bilen we Çaryýewa Ýazgeldi özüniň “

Türkmenistan – ÝUNESKO: türkmen halkynyň taryhyny öwrenmegiň, milli gymmatlyklaryny hasaba almagyň özara hyzmatdaşlygy” atly işi bilen çykyş etdiler. Maslahat ýaşlar we ýaş alymlar üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza aýdylan alkyş sözleri bilen jemlendi.

Guwançmyrat AMANGELDIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok