Anna güni Ermenistanyň Ýerewan şäherinde ýerleşýän «Marşal Bagramýan» muzeýinde «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly fotosergi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Ýerewandaky ilçihanasynyň web saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 we Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan fotosuratlar sergide ýerleşdirilipdir.
Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli türkmen paýtagtynyň suratlary sergini esasy bölegini tutýar.
Aýratyn bir tötänlik hem, şu ýyl Ýerewan metropolitanynyň döredilmeginiň 40 ýyllygy bilen gabat gelmegidir, diýip Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetniýaz Maşalow, Mir24-de beren beýanynda belläp geçdi.
Muzeý 14-nji aprele çenli sergä gatnaşyjylara gapylaryny giňden açar
Teswirler