«Visa» kompaniýasy tölegler üçin «USD Coin» kriptowalýutasyndan peýdalanmaga mümkinçilik döreder

«Visa» şereketi, töleg ulgamynda söwda etmeklik üçin «USD Coin» kriptowalýutasyny ulanmaga mümkinçilik berjekdigini habar berdi. Bu bolsa öz bäsdeşleri bolan «Mastercard», «BlackRock» we «BNY Mellon» şereketleri bilen bir hatarda kriptowalýuta söwdasyna mümkinçilik beren maliýe guramalarynyň sanawyna ýene biri goşulandygyny aňlatýar.

Häzirki wagtda töleg we kriptowalýuta platformasy bolan «Crypto.com» bilen synag meýilnamasyna başlan bu şereket, «USD Coin» kriptowalýutasyny ulanmaga mümkinçilik berjekdigi resmi taýdan yglan etdi.

«Visa» şereketi şu ýyl «USD Coin» kriptowalýutasyny has köp hyzmatdaşa hödürlemekligi meýilleşdirýändigini mälim etdi we özüniň baglaşan şertnamasyna laýyklykda kompaniýanyň «Visa» kartyny ulanyjylara gönüden-göni «USD Coin» kriptowalýutasynyň esasynda geleşiklere ygtyýar berjekdigini habar berdi.

Ýatlap geçsek, kompaniýanyň maglumatlaryna görä, dünýäde 3,3 milliard sany adam «Visa» kartyny ulanýar.

«Visa» şereketiniň kriptowalýuta bölüminiň başlygy Kuý Şeffild: «Kriptowalýuta babatda hyzmatdaşlarymyzyň köpüsiniň «USD Coin»-de amallaryny gurýandygyny we ulanýandygyny gördük. Olaryň köpüsi işgärlerine we satyjylaryna «stabilcoin» kriptowalýutasy bilen töleg geçýär. Biziň baglaşan şertnamamyz bu babatdaky sazlaşygyň tebigy alamatydyr.» -diýip belledi.

ŞYHLYÝEW HEMRA
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok