“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ýene bir taryhy wakasy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda‑senagat edarasynda “Muhammet Baýram han türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumy onlaýn görnüşde geçirildi. Forum Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramagynda geçirilip, oňa ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylary, wekilleri we alymlary gatnaşdylar. Geçirilen onlaýn forum 4 sany bölümden ybarat boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministri O. Gurbanow forumyň açylyş dabarasyna badalga berdi. Soňra T.Y.A-synyň Prezidenti S.Toýlyýewe we daşary ýurtlardan foruma onlaýn görnüşde gatnaşýan alymlara we döwlet işgärlerine yzygiderlikde hormat bilen söz berildi. Olaryň aýtmagynda Alym Arkadagymyzyň saýasynda bu forumyň üsti bilen türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, dünýä medeniýetine ýetiren täsirini, edebi gymmatlyklaryny we baý döredijiligini dünýä ýüzüne açyp görkezmekde aýratyn ornunyň bardygy bellenilip geçildi.  Açylyş dabarasy tamamlanandan soň forum öz seksiýalarynda(bölümlerinde) dowam etdirildi.

Olar barada giňişleýin maglumatlar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

I BÖLÜM

“Orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri”.

Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy.

Jogapkär ýolbaşçysy: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti S.Toýlyýew.

II BÖLÜM

“Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny”.

Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty.         

Jogapkär ýolbaşçysy: Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory B.Bäşimow.

III BÖLÜM

“Muhammet Baýram han türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri”.

Geçirilýän ýeri: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.

Jogapkär ýolbaşçysy: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýet we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedow.

IV BÖLÜM

“Türkmen we Hindi halklarynyň medeni-taryhy gatnaşyklary: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri”.

Geçirilýän ýeri: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniweristeti. 

Jogapkär ýolbaşçysy: Taryh we arheologiýa institutynyň direktory B.Taganow. 

Şeýlelikde, forumyň bölümçeleri öz işlerini tamamlanyndan soň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda onlaýn forumyň ýapylyş dabarasy boldy. Onuň çäklerinde her bölüme gözegçilik eden jogapkär ýolbaşçylar aýratynlykda olaryň geçirilişi barada hasabat berdiler. Hasabat gutaranyndan soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklar institutynyň talyby K.Mämmedowyň ýerine ýetirmeginde ähli onlaýn foruma gatnaşyjylaryň adyndan Hormatly Prezidentimize ýüzlenme kabul edildi. Dabara Adyl Arkadagymyza aýdylan alkyş sözleri bilen öz işini tamamlady. 

Ýunus ALLANAZAROW, 
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, 
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
“Ýaş wagyzçylar” toparynyň agzasy.

Şeýle-de okaň:
Baýram Han Türkmen – beýik döwlet işgäri, tejribeli diplomat, meşhur şahyr
Beýik türkmen şahsyýetleriniň ynanyşmak taglymy – döwlet berkararlygynyň milli esasy
“Hindistanda hyýalym …”
Alyşir Nowaýynyň edebi mirasy – türkmen zenanynyň ylmy nazaryýetinde

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok