Garaşsyzlygyň ykdysady galkymy — türkmen milli ýalkymy

          «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady galkynyşlaryny bütindünýä ýaň saldyrjak örän giň gerimli dabaralar bilen bellenilip geçiler. Ata Watanymyz Türkmenistan soňky 30 ýylda — Garaşsyzlyk zamanasynda ýurdumyzyň taryhynda henize görlüp-eşidilmedik ägirt uly ösüşleri başdan geçirdi. Taryh üçin uly bolmadyk bu döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda örän düýpli özgertmeler, giň möçberli işler amala aşyrylyp, ägirt uly üstünliklere, belent sepgitlere, arzyly ýeňişlere ýetildi.

          Pederlerimiz tarapyndan mukaddeslige deňelip, keramat saýylan ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň milli özboluşlylygyna, tebigy aýratynlygyna esaslanýan durmuş-ykdysady ösüş maksatlaryny amal etmeklikde ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmaklyk bilen belent sepgitlere ýetdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyzyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşdy.

          Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk zamanasynyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran häzirki ajaýyp eýýamynda — Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz ösen tehnologiýalar, kämil innowasiýalar bilen döwrebap ösüşleriň, döwletli tutumlaryň dabaralanýan  ýurduna öwrüldi. Milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, sebit we dünýä ýurtlarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar hem-de Türkmenistan Diýarymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň dünýä ýüzündäki abraýyny barha belende göterýär.

          Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerim bilen gurlup, işe girizilýän, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalarda öndürilýän, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply milli önümlerimiz halkara bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Munuň özi bolsa, Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

          Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy»  tapgyrlaýyn usulda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýa laýyklykda, eziz Diýarymyzyň halk hojalyk pudaklarynyň ähli ugurlarynda ykdysadyýeti dolandyrmaklygyň sanly ulgamyna geçilmegi bilen ilata we edara-kärhanalara ýerlenýän harytlaryň hil derejesi ýokarlandyrylýar, milli hyzmatlar bazarynda ýerine ýetirilýän hyzmatlardan peýdalanmaklygyň usulyýeti has-da amatlaşdyrylýar. Munuň özi bolsa, ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň döwrebap ösýän ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrýar.

          Watandaşlarymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen döwlet Garaşsyzlygymyz — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň mizemezliginiň, mukaddes Watanymyzyň synmaz düýpli binýady bolan ägirt uly ykdysady kuwwatynyň mäkämliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň, bolelin bagtyýar durmuşynyň esas özenidir.

Dawut MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok