Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gündogaryň merjen gaşyna deňelýän paýtagtymyz Aşgabat gün saýyn tanalmaz derejede ösýär, özgerýär. Milli binagärlik öwüşginleri bilen utgaşdyrylyp gurulýan kaşaň, owadan we ak mermerli binalar paýtagtymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Mermer binalaryň degre-daşynyň gök begresli seýilgählere, gül-gunçalara gurşalmagy bolsa, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamaga şert döredýär.
«Aşgabat» – kinoteatry Türkmenistanda 3D görnüşdäki filmleri tomaşa edip boljak ilkinji kinoteatrdyr. «Aşgabat» – kinoteatrynyň açylyş dabarasy 2011-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirildi. 3D kinotetryň açylyş dabarasy Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni bilen gabat geldi. Bu ajaýyp binanyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2008-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkiýanyň «Içkale» gurluşyk firmasy tarapyndan başlanyp, soňra bolsa Fransiýanyň «Vinçi» kompaniýasanyň gurluşygy tamamlamagy bilen gurlup ulanylmaga berildi. Bu taslama jemi 20 million amerikan dollary sarp edilipdir. Kino merkeziniň umumy tutýan meýdany takmynan 4,5 müň inedördül metr. Binanyň daşky keşbi ak mermer we çal reňkli gyraň bilen örtülip, penjireler we gapylar reňkli aýna bilen bezelendir. Kinoteatr iki zaldan ybarat bolup, uly zal 500 adama, kiçi zal bolsa 70 orunlyk bolupdyr. Başga-da bu ýerde internet kafe, kitap we ýadygärlik sowgatlar satylýan dükan hem-de tomusky üsti açyk kafeler ýaly özboluşly aýratyn binalar hem bar.
Kinoteatrda esasan tomaşaçylara Türkmenistan baradaky dokumental filmler yzygiderli görkezilýär. 2013-nji ýylda Karen Şahnazarowyň gatnaşmagynda ilkinji gezek Türkmenistanda Mosfilm günleri geçirildi. Geljekde bolsa gözel paýtagtymyz Aşgabatda 4D döwrebap kinoteatryny gurmak hem meýilleşdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ak şäherimiz Aşgabatda tylla Günüň nuruna öwşün atyp görünýän belent, kaşaň ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, ajaýyp myhmanhanalaryň, sport hem-de saglygy goraýyş desgalarynyň tutuş toplumlarynyň gurulmagy biziň kalbymyzda buýsanç we guwanç duýgusyny oýarýar. Goý, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleri rowaç, jany sag, ömri uzak bolsun!
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Teswirler