Parlamentariler üçin maslahat forumy geçirildi

Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigiň 22 — 26-njy mart aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Parlamentariler üçin maslahat» atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Forumyň dowamynda Parlamentara birleşigiň işiniň esasy ugurlaryna, onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň synçysy derejesiniň çäklerinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň işine gatnaşmagynyň möhüm ugurlaryna garaldy. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, milli kanunçylygy halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna utgaşdyrmakda, kommunikasiýa hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda, parlament diplomatiýasyny ösdürmekde, Parlamentara dostluk toparynyň ornuny berkitmekde parlamentiň eýeleýän orny boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Maslahata gatnaşyjylar 1889-njy ýylda döredilen Parlamentara birleşigiň düzümi, onuň hemişelik komitetleriniň işi, Parlamentara birleşiginiň Assambleýasynyň guramaçylyk işleriniň kadalary we BMG bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşi bilen tanyşdyryldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ählumumy gyzyklanmalara laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok