Tokiodaky olimpiýa oýunlaryna daşary ýurtly janköýerler kabul edilmez

Häzirki wagtda dünýädaki çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli, şu ýyl Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň geçiriliş tertibine birnäçe üýtgeşmeler we goşmaçalar girizildi. Bularyň biri bolsa, ýaryşlary tomaşa etmek üçin geljek daşary ýurtly janköýerlere, oýunlara tomaşa etmäge rugsat berilmez. Bu baradaky habary Regnum habarlar agentligi habar berýär.

Geçen ýyl geçirilmegi göz öňünde tutulan, emma pandemiýa sebäpli yza süýşürilen bu ýaryşda ýerli ýaşaýjylaryň tomaşa edip, ýa-da edip bilmejekligi babatdaky karar aprel aýynda belli bolar.

Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynyň ýolbaşçylaryndan Toşiro Muto daşary ýurtly tomaşaçylar üçin 600 müň Olimpiýa oýunlary, 30 müň hem paraolimpiýa oýunlary üçin petekleriň satylandygyny belledi. Ol petekleriň pullarynyň yzyna tabşyryljakdygyny aýtdy.

REJEPOWA Bägül
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok