Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi 13 mynasybetli gurnalan sergä gatnaşyjylaryň ýene biri hem “Päk nesil” hojalyk jemgyýetiniň garamagyndaky “Päk nesil” okuw merkezidir. Bu okuw merkezi 2012-nji ýylda açylyp, häzirki wagtda Paýtagtymyzyň 3 ýerinde öz işini alyp barýar. Okuw merkeziniň işgäriniň gürrüň bermegine görä, bu ýerde Oxford uniwersitetiniň materiallary ulanylyp, tejribeli mugallymlar tarapyndan döwrebap metodika arkaly okuwlar alnyp barylýar. Şeýle-de bu ýerde Iňlis dili, Fransuz dili, Kompýuter, Nemes dili, Rus dili, Matematika boýunça okuwlar tölegi esasda alnyp barylýar.
Esasy bellemeli zadymyz pandemiýa döwründe işi çäklendirilen okuw merkeziniň gaýtadan öz işini dikeldendigi, okuwa ýazlyşyklaryň başlandygyny aýdyp bileris. “Päk nesil” okuw merkezine gatnaýanlar bu ýerde diňe bir sagatlaýyn okaman, eýsem öz wagtlaryny hem birnäçe oýunlaryň, ýaryşlaryň üsti bilen gyzykly we täsirli geçirip bilerler.
Hawa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen hususyýetçilige uly ünsüň berilýändigini biz şu serginiň üsti bilen hem görüp bilýäris. Hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça başlangyçlaryna köp sagbolsun aýdýarys.
Söhbetdeş bolan:
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler