Türkmenistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellenildi

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Röwşen Muhadow bellenildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynyň çözgüdi esasynda kabul edilen bu karar hakynda, federasiýanyň resmi web sahypasynda habar berildi.

59 ýaşly Türkmenistanly hünärmen tälimçilik ýolunda “Nisa” hem-de “Ahal” toparlaryny türgenleşdirdi. 2000-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etdi.

2012-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyny Arkalaşygyň Kubogyna taýýarlady. 2019-njy ýylda geçirilen Aziýa  Kubogynyň final böleginde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirdi.

Allaýarow Baýrammyrat
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok