Angliýada jemgyýetde we maşgalada gender deňligini üpjün edýän sözleri ulanmaklyk teklip edildi.
«BBC» habarlar gullugynyň habaryna görä, Mançester uniwersiteti gender taýdan bitarap adalgalary ulanmagy maslahat berdi. Mysal üçin, «kaka» we «eje» sözleriniň ýerine «hossar», «adamsy» we «aýaly» sözleriniň ýerine «ýoldaşy» sözlerini ulanmaklyk teklip edildi. Bu teklip Mançester uniwersitetiniň «Gender taýdan deňlik bölümi» tarapyndan işgärleriň isleglerine jogap hökmünde işlenip düzüldi. «Gender taýdan deňlik bölümi» bolsa Günbataryň köp bilim edaralarynda hereket edýär.
Mançester uniwersitetiniň «Gender taýdan deňlik bölümi» tarapyndan jemgyýetde we maşgalada gender deňligini üpjün etmeklik maksady bilen maslahat berilýän teklipler şu aşakdakylardyr:
* Zenanlaryň hem, erkekleriň hem gatnaşýan jemgyýetçilik ýerlerinde
«ol aýal» ýa-da «ol erkek» diýip iki adamy biri-birinden gender taýdan
tapawutlandyryp ýüzlenmeli däl-de, «Siz» ýa-da «Olar» diýip
ýüzlenmeli;
* «Erkek» ýa-da «erkekler» we «aýal» ýa-da «aýallar» diýip ýüzlenmeli däl-de, umumylykda «adam» ýa-da «adamlar» diýip ýüzlenmeli;
* «Hanymlar we jenaplar» diýip ýüzlenmeli däl-de, «kärdeşler» diýip
ýüzlenmeli;
* «Kaka» ýa-da «eje» diýip ýüzlenmeli däl-de, «hossar» diýip
ýüzlenmeli;
* «Är-aýal» diýip ýüzlenmeli däl-de, «ýoldaş» diýip ýüzlenmeli.
Mançester uniwersitetiniň bu teklipleri jemgyýetde we maşgalada gender deňligini üpjün etmeklikden we zenanlaryň mertebesini galkyndyrmaklykdan ybaratdyr.
Teswirler