Dünýäniň iň gowy 5 uniwersiteti

 Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň başyny Angliýadaky, ABŞ-daky we Şweýsariýadaky ýokary okuw jaýlary eýeleýär. Iň gowy ýokary okuw jaýlarynyň sanawy her ýyl dürli ugur boýunça täzelenýär.

Iň abraýly 5 ýokary okuw jaýy:

  1. Oxford Uniwersiteti – Uly ýaşly adamlaryň däl eýsem kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň hem bilýän bu ady belli uniwersitet Angliýada ýerleşýär. Dünýädäki birnäçe prezidentleri, meşhur işewür adamlary şeýle-de alymlary çykaran bu ýokary okuw jaýynyň abraýy juda beýikdir.
  2. Stanford Uniwersiteti  –  akademiki bilim bermekde öňdebaryjy bu ýokary okuw jaýyny Elon Mask, Tiger Wuds ve Jon Steýinbek ýaly meşhurlar tamamlady.
  3. Garward Uniwersiteti – Dünýädäki oýlap tapyşlaryň ýarysy diýen ýaly bu uniwersiteti tamamlady. Ýagny olardan Mark Zukerberg, Bill Geýts, Nataliýa Portman we ş.m.
  4. Kembrij Uniwersiteti – Bu ýokary okuw jaýynyň adyny eştmedik ýok bolsa gerek. Adamzat taryhyna adyny ýazmagy başaran Stepen Hawking, Çarlz Darwin, we Jon Milton ýaly şahsyýetler bu ýeri tamamlady.
  5. Chicago Uniwersiteti – Bilim bermek boýunça öňdeligi eýeleýän bu uniwersiteti Berni Sanders, Milton Friedman we Karol Moseleý Braun ýaly meşhur adamlar tamamlady.

Eziz EGEMBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok