Oniks – demirgazyk materiginiň iň uzyn derýasy

Oniks Antraktida-da iň uzyn derýa bolup, onuň uzynlygy takmynan, 30 km-e ýetýär. Oniks ýylda bary-ýogy iki aý akýar, galan wagty doň ýagdaýda bolýar.

Derýa Wiktoriýa jülgesinde ýerleşýär. Oniks öz gözbaşyny Braunuwort kölünden alýar we Wanda kölüne akýar. Antarktidanyň tomus paslyndaky amatly howa şerti Onikse biraz wagtlyk akmaga mümkinçilik döredýär. 1974-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda hut şu sebitde Antarktidanyň iň ýokary temperaturasynyň biri hasaba alyndy +15°C.

Oniksiň akýan Wanda köli gipersalindir – suwundaky duz düzümi hatda Öli deňzinden hem has ýokarydyr. Ýylyň dowamynda galyň buz gatlagy bilen örtülendir. Bu derýada balyk ýok, diňe suwotular we mikroorganizmler ýaşaýar.

Oniksdäki suwuň derejesi, howanyň temperaturasyna we derýanyň düýbüne suw getirýän buzluklaryň eremegine baglylykda gaty möhüm üýtgemelere sezewar bolýar.

Eziz NURMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 6-njy ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok