ÝAŞLARYŇ HALKARA DEREJESINDÄKI ÜSTÜNLIKLERI

“Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynda gazanylýan üstünlikler barha artýar. Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşdyrylmagy bilen häzirki wagtda halkara derejesinde onlaýn geçirilýän ylym-bilim bäsleşiklerine ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyplar işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary hem şeýle ders bäsleşiklerine yzygider gatnaşýar.

Halkara derejede geçirilýän şeýle bäsleşikleriň fewral we mart aýlarynda geçirilen tapgyrynda Russiýa Federasiýasynyň “Intellektualnyý mir onlaýn-olimpiada” talyplaryň der boýunça geçirilýän halkara bäsleşigine “Biologiýa”, “Rus dili we sözleýiş medeniýeti”, “Rus dili”,  “Solneçnyý swet” rus dili we dersi, “Solneçnyý swet” biologiýa dersi, “Solneçnyý swet” psihologiýa dersleri boýunça “Dizaýn” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Weliahmedowa Anastasiýa 1-nji orna Diploma mynasyp bolup bu hem ýaş talyplaryň dünýä dillerinden we bilimiň häzirki gazananlaryndan oňat baş çykarýandygyny görkezýär.

“Reňkleriň simfoniýasy – Samosveti” atly 5-nji halkara şekillendiriş we amaly-haşam sungaty boýunça onlaýn bäsleşigine “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň “Halyçylyk sungaty” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Abaýewa Nurana gatnaşyp iki sany mini GRAND PRIX bilen sylaglanmagy talyp ýaşlara berilýän bilim we hünär aýratynlyklaryny ýaş zehinleriň dogry kabul edip öz ukyp başarnyklaryny synap görmeklerine, netijede ýokary derejede abraý gazanmaklaryna getirýär.

Mundan başga-da, Türkiýe Respublikasynyň Çanakkale şäheriniň 18 mart uniwersitetiniň geçirýän “Tebigatyň adama berýän täsiri” atly Onlaýn döredijilik bäsleşigine “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň mugallymy Hudaýberdiýew Maksat we “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy Goçmyradowa Gunça Hormat haty bilen sylaglanmagy ýaş hünärmenleriň talyplara nusga boljak işleri görkezmegine ýol açýar.

.

Bagtygül Hojageldiýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň öwreniji mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok