Toyota täze akylly şäheriň gurluşygyna başlady

Toyota şereketi “Woven City” diýip atlandyrylýan täze akylly şäheriň gurluşygyna başlady. Bu gurulýan täze şäher Tokiodan 100 km uzaklykda bolup, Fuji dagynyň eteginde gurulýär. Turkmenportal habar saýtyň “Independent” web sahypasyna salgylanmak bilen, berýän habaryna görä täze akylly şäheriň meýdany 71 gektardyr.

Täze akylly şäher üç ýoldan ybarat bolup, olar pyýadalar üçin, elektrik skuterli pyýadalar üçin we awtoulaglar üçin niýetlenendir. Awtomobiller üçin niýetlen ýollarda bolsa «Toyota» şereketiniň «e-Palette» atly ählumumy elektrik ulaglary agdyklyk eder.

Gurluşygyna başlanan täze şäherde birbada dürli ýaşdaky 360 adam, alymlar we kompaniýanyň 2000-e golaý işgärleri maşgalalary bilen ýaşarlar. “Woven City” atly täze şäherdäki ýaşaýyş jaýlary gündelik durmuşy aňsatlaşdyrjak iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar. Jaýlarda ýerleşjek emeli intellektual datçikler içindäki adamlaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik eder.

Şirin SAHATOWA
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok