Kämil ýaşlary kemala getirmekde sanly bilimiň orny

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýerleşýän bilim edaralarynyň ählisinde häzirki zaman sanly bilim ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy okuw jaýlarynda okuw prosesiniň  örän kämil esasda alnyp barylmagyna diýseň oňyn mümkinçilik döretdi. Çünki, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp,  mugallymlar okuwçylara bilim bermekligiň, okuwçylar bolsa, öwredilýän mowzugy özleşdirmekligiň örän ýeňil usullaryna gabat gelýärler.

         Mugallym sanly bilim ulgamynyň üsti bilen öz ugry boýunça bilim bermekligiň daşary ýurt  tejribesini öwrenip, öz hünär derejesini günsaýyn kämilleşdirip bilýär.  Mugallymyň ders gutaryp barýarka, şu günki sapakda geçen temasyna degişli elektron gollanmalary, wideorolikleri talyplara berip goýbermegi, ýaşlaryň öýlerinde okuwda öwredilen mowzugy  has çalt özleşdirip, örän içgin öwrenmegine  diýseň oňyn şert döredýär. 

Sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bilim berýän mugallymlaryň käbirleri talyplara dersden daşary geçilen tema boýunça degişli internet ulgamynda bar bolan elektron gollanmalardan prezentasiýa taýýarlap gelmegi tabşyrýar. Mugallymyň bu talaby bolsa, talyplara dersde öwredilýän her bir mowzugy has içgin öwrenmekligine getirýär. Çünki, talyp mugallymyň özünden edýän talabyny ýerine ýetirmeklik üçin sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaly bolýar. Talyplar elektron kitaphanalardan öz öwrenmeli temasyna degişli elektron okuw gollanmalaryny gözläp tapýar we ony doly okap,  gollanmanyň özünde täsir galdyran ýerlerini kompýuterde belläp alýar hem-de öwrenen zatlaryny okuwda mugallyma multimediýa tagtasynda görkezip düşündirmeklik üçin prezentasiýa taýýarlaýar.

Iňlis dili, rus dili we beýleki halkara dilleri boýunça, daşary ýurt tejribesini öwrenip, talyplar öz hünär dilinde prezentasiýalary taýýarlap bilýärler. Bu usul häzirki wagtda birnäçe mugallymlaryň  ulanýan usulydyr. Milli okuw kitaplaryndan daşary, internet ulgamyndan, daşary ýurt okuw kitaplaryny alyp, daşary ýurt tejribesi esasynda sapaklaryň geçilmegi talyplaryň has-da ezber we zehinli bolmagyna itergi berýär. Sapaklary şeýle usul bilen geçmek bolsa, talyplaryň onlaýn usulda geçirilýän halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmekligine ýardam berýär. Diýmek, sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri – kämil aňyýetli ýaşlary kemala getirmekligiň düýp esas özenidir.

Mährijemal DURDYYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok