MILLI MIRASYMYZ FOTO ŞEKILLERDE

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde uly ösüşleriň we galkynyşlaryň ajaýyp ýoluny geçdi. Bu döwürden medeniýetiň, ylmyň we ykdysadyýetiň ösmegine uly mümkinçilikler berildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we uly tagallasy bilen türkmen topragynyň şöhraty we gülläp ösýän şäherleri uly ähmiýetli medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şol esasda foto suratlary düşürmek boýunça “Watanyň gözelligi – rowaçlygyň gönezligi” atly döredijilik bäsleşigi 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň nesil terbiýesiniň milli däplerini ösdürmek, ýaş nesilleriň ruhy ahlak taýdan kämil bolmaklaryny, olaryň giň dünýä garaýyşly, bilimli, hünärli, edepli we edenli watançy ýaşlar bolmaklaryny gazanmak babatda ata-babalarymyzyň ýol ýörelgelerini kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan nusgalyk işlerini we şahsy göreldelerini köpçülikleýin wagyz etmek, Mähriban Arkadagymyzyň agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz ýurdumyzyň tebigatynyň gözellikleriniň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, daglarynyň we düzleriniň, medeni we durmuş maksatly binalaryň ajaýyp şekillerini fotosuratlarda beýan etmek boýunça ýerine ýetiren nusgalyk işlerinden ugur alyp, olary ýaşlaryň arasynda ýaýmak maksady bilen geçirilýär. Foto bäsleşige 14-den 30 ýaş aralykdaky Türkmenistanyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar. Foto bäsleşik 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda yglan edildi we 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda tomaşaçylara sergilendi.

Bu sergilenen foto suratlar sport, bilim, medeniýet, milli miras, daýhançylyk, çaga durmuşy, meniň maşgalam, tebigatyň gözelligi, ajaýyp binalar, haýwanat dünýäsi, gaýtalanmajak täsinlik, sagdyn durmuş ýörelgesi ýaly temalara ýüzlenilip olaryň gymmatlylygyny açyp görkezýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyz bolan halylar, bedewler, milli lybaslarymyz bilen bilelikde zergärçilik sungatymyz hem halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Türkmeniň ussat zergärleri ata-babalarymyzdan miras galan zergärçilik nusgalaryny halypa-şägirtlik ýollary arkaly saklaýarlar. Bu gymmatlyk biziň akademiýamyzyň talyplarynyň  foto suratlarynda sergilenýär.

Türkmen halkynyň hiç bir milletiňkä meňzemeýän häsiýetli milli egin-eşigi bar. Älemgoşar ýaly dürli reňkler bilen elde nagyşlanan zenan köýnekleri başatgyçlary bolan kürtedir çyrpylary örän sazlaşykly ýerine ýetirilip, foto sergide türkmen halkynyň baý milli mirasy, däp-dessury has-da ýaýbaňlanýar.

Islendik halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirmek bilen birlikde geçmişini, şu güni hem-de geljegi bilen baglaýan gymmatlyk halkasy bolup durýar. Halkyň medeni mirasyny, onuň gelip çykyşyny, taryhyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini aňladýar. Ata-babalarymyz parasatly durmuş tejribä esaslanýan milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gözleriniň göreji ýaly gorap nesillerimize miras galdyrmak ugrunda uly aladalar edipdir. “Sungatda serhet ýok” diýlişi ýaly, islendik kärde işleseň-de, dürli hünärlerde okasaň-da hökmany suratda her bir adamyň özüniň ukyp başarnygy ýüze çykýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem milli mirasymyza sarpa goýup, el hünäri çeper döredijilik ukyp başarnygyndan we ýiti zehininden kemala gelýär. Şeýle owadan şekiller bu sergide şöhlelenýär. Şeýle ajaýyp suratlary düşüren Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Garajaýew Hoşgeldiniň “Sungat ägirtleri”, “Gadymy sungat”, Ata Mohammed Ahmediň “Natýurmort”, “Haly”, Atakowa Mahymyň “Mary bazary” ýaly  milli sungatymyz bolan külalçylyk, halyçylyk we zergärçilik eserleriniň doňdurylan şekilleri, gaýtalanmajak pursatlary foto suratlarynda duýulýar.

Şeýle çärelere gatnaşyp, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda öz goşandymyzy goşýandygymyza, halkymyzyň medeniýetine, sungatyna, taryhy gymmatlykaryna, däp-dessurlaryna uly hormat goýulýandygyna buýsanjymyzyň çägi ýok. Türkmen medeniýetiniň, sugatynyň binýadyny berkidip, ony gülledip ösdürýän, bütin dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun.

.

 Maýa Baýjikowa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby.

 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok