Türkmen okuwçysy “Youth Peace Prize” baýragyna mynasyp boldy

Aşgabatly 11-nji synp okuwçy Şükürgeldi Myradow  Günorta Koreýanyň Phençhan şäherinde geçirilen “PyeongChang Peace Forum” (Parahatçylyk forumy-2021) taslamasynyň çägindäki köpçülikleýin çykyş bäsleşigine gatnaşdy we Parahatçylyk boýunça ýaşlar baýragynyň gran-prisine mynasyp bolmagy başardy. Bu barada turkmenportal web saýtynda habar berilýär.

            Y-PEER ýaşlar ulgamynyň jogapkär koordinatory Şükürgeldi bäş daşary ýurt dilini bilýär. Ol forumda  parahatçylygy goraýyş meselelerini ösdürmäge gönükdirilen tezisleri bilen çykyş etdi we 2 million won möçberinde esasy baýragy aldy.

Ýene bir bellemeli zatlaryň biri hem, oňa DÖM ( durnukly ösüş maksatlary )  we adam hukuklary ugrundan tejribäni  ýokarlandyrmak boýunça okuwa çakylyk hatynyň gowşurylmagydyr.

Aýbölek JUMAMYRADOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok