Sosial adalatlylyk – bu diňe bir adamlaryň birek – birege hormat goýmaklygyny alamatlandyrýan ýönekeý bir adalga bolman, eýsem milli durnuklylygyň we bütindünýä abadançylygynyň esasydyr. Milletleriň we halklaryň geljekki ösüşi üçin deň mümkinçilikleriň, raýdaşlygyň we adamyň hukuklaryna hormat goýmagyň örän möhüm ähmiýeti bardyr.
Bütindünýä Sosial adalatlylyk güni (World Day of Social Justice) 2009-njy ýyldan bäri her ýylda bellenilip geçilýär. BMG – niň Baş Assambleýasy bu baýramy özüniň 2007-nji ýylyň 26-njy noýabryndaky № A/RES/62/10 sanly Rezolýusiýasy bilen tassyklady. 1995-nji ýylyň mart aýynda häzirkizaman jemgyýetiniň ösmegini üpjün etmek maksady bilen Kopengagende Bütindünýä derejesine geçirilen duşuşyk bu baýramy bellemeklik üçin täze senäniň, ýagny 20-nji fewralyň saýlanylmagynyň esasy boldy.
BMG – niň agzalary bolan döwletler, şol sanda biziň ata Watanymyz Türkmenistan hem 20-nji fewraly sosial adalatlylygy berkitmek ugrundaky ählihalk derejesinde baýramlaryň geçirilmegine bagyşlaýarlar. Bu baýram sosial deňligi berkitmek maksady bilen, her ýylda belli bir ugra bagyşlanýar.
Guramaçylaryň maksadyna laýyklykda bu halkara baýramy adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, olaryň milletine jynsyna, gelip çykyşyna garamazdan deň derejede berjaý edilmegine, adamlaryň işlemäge, zähmet çekmäge bolan ukybynyň üpjün edilmegine, erkekleriň we aýallaryň hukuklarynyň deň bolmagyna, şeýle-de hemmeler üçin sosial abadançylygyny we sosial deňliligini üpjün edilmegine ýardam edýän esasy ugrukdyryjy bolmalydyr.
Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Watanymyz Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ynsan hukuklaryna ýokary derejede hormat goýulýar. Adamyň we raýatlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini üpjün etmek döwletimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen biziň döwletimizde birnäçe möhüm maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi bellemek möhümdir. Bütin dünýäde adalatlylygyň we agzybirligiň höküm sürmegi ugrunda gijesini gündiz edip zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
.
Aýna BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.
Teswirler