Şu günlerde “Facebook” kompaiýasynyň akylly sagat öndürmek isleýändigi we häzirki wagtda şoň üstünde işleýändigi baradaky habarlar internet ulgamyna tizden ýaýyldy. Öndüriljek akylly sagat “Facebook” hyzmatlaryndan peýdalanyp habar ibermek, fitnes we saglyk bilen baglanyşykly funksiýalary bilen özüne çekýär.
Täze öndüriljek sagatda “Android” operasion ulgamy ornaşdyrylyp, öýjükli aragatnaşyk arkaly işlemegi meýilleşdirilýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy “EssilorLuxottica” kompaniýasy bilen bilelikde hyzmatdaşlyk alyp barýar. Sukerberg geljekde özüniň şahsy “Android” ulgamyny işläp düzmek isleýärler. Indiki ýylda bolsa täze öndüriljek ulgam arkaly akylly äýnegiň çykmagyna hem garaşylýar.
Täjiýew Altymyrat
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler