Türkmen diplomatlarynyň baýramçlygy belleniler

Eýýam birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän bu baýramçylyk çäresi, şu ýyl hem Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary insitutynda bellenip, «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahaty geçiriler.

Bu geçiriljek maslahatda çäräniň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okalar.

Türkmenistanyň ýaş diplomatlaryny we Halkara gatnaşyklary insitutynyň uçurym ýyl talyplaryny Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň diplomy bilen sylaglanjak bu ylmy maslahatda, birnäçe ýokary okuw jaýlaryň rektorlary, uniwersitetleriň uly mugallymlary we myhmanlar çykyş ederler.

Atabaýew Polat
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok