Aragatnaşyk bölüminde işler netijeli alnyp barylýar

Hojambaz etrap aragatnaşyk bölümi indi iki ýyla golaý wagtdan bäri täze binada işläp gelýär. Bu ýerde «Altyn asyr» mobil operatory, poçta aragatnaşyk bölümi, Internet, öý telefonlary, elektron poçtadyr beýleki hyzmatlar üçin operatorlaryň 9-sy müşderilere hyzmat edýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Etrapda ýokary tizlikli Internet hyzmatyndan peýdalanýan öýleriň sany 900-den geçýär. Diňe geçen ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda täze Wi-Fi nokatlarynyň 128-si çekildi. Diňe Hojambaz etrabynda ýokary tizlikli Internet hyzmatyndan peýdalanýan hojalyklaryň 1000-den hem geçmegini üpjün eder.

Etrapda müňlerçe adam «Altyn asyr» mobil aragatnaşyk operatorynyň hyzmatlaryndan peýdalanýar. Mobil aragatnaşykda hödürlenilýän ýeňillikler, hyzmatlar müşderileriň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Internet hyzmatynyň dürli nyrhnamalar arkaly ýeňillikli berilmegi işleriň netijeliligini hem artdyrýar.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümi hem hereket edýär. Etrabyň ýaşaýjylary çaparçylyk hyzmatyna uly isleg bildirýärler. Şeýle hem bu ýerde geçen ýylyň ikinji ýarymynda ilkinji gezek elektron gazetlere abuna ýazmak boýunça tejribe başdan geçirildi. Şu ýylyň birinji ýarymy üçin etrapda 2500-den gowrak adam elektron gazetleriň abunaçysy bolupdyr. Neşirlere elektron görnüşde ýazylmak häzir hem dowam edýär. Bölümde öý telefonlary, hat, telegramma, faks ýaly ýazmaça hyzmatlar hem müşderileriň talaplaryny kanagatlandyrýar.

Gülşat Jomartowa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok