TOHU-de maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň oba hojalyk uniwersitetinde ýanwar aýynyñ 23-ne däp bolup gelşi ýaly soýa ösümligini ýurdumyzyň şertlerinde ösdürip ýetişdirmek barada alymlaryň, uniwersitetiň tejribeli mugallymlarynyň hem-de oba hojalyk ugrundan işleýän telekeçi önüm öndürijileriň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirildi. Maslahatyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, daşary ýurt önümleriniň ýerini tutýan önümleriň sanyny we görnüşini artdyrmagyň hasabyna ykdysady ösüşi gazanmakdan, oba hojalygy bilen telekeçiligi hasda utgaşdyrmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýar. Soýa ykdysady taýdan peýdaly ekin bolup, biziň gurak howa şertlerimizde onuň her gektaryndan ortaça 3,5 – 4,0 tonna däne öndürip bolýar. Soýanyň aralyk ekin hökmünde ekilip, tejribe geçirilmegi netijesinde topragyň gurplulyk derejesini ýokarlandyr­ ýan iýmit maddalary bilen baýlaşmagyna oňyn täsir edýändigi hem-de onuň yzyna ekilen bugdaýyň her gektaryndan ortaça 2 – 3 sentner bugdaý hasylyny artyk alyp bolýandygy anyklanyldy.
Biziň ýurdumyzda 2014 — 2016-njy ýyllarda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar hojalygynda we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Ahal ylmyönümçilik synag hojalygynda soýanyň «Garagum» sorty ekildi we onuň hasylyny däne ýygnaýjy kombaýn bilen ýygnap almak işleri geçirildi. Bu bolsa bir ýylda ortaça 110 – 150 litre çenli soýa ýagyny, 2,5 – 3 tonna çenli düzüminde belok, başga maddalar bilen çalşyp bolmaýan aminokislotalary we mallar, guşlar üçin iými alyp boljakdygyny görkezdi.
Netijede, soýanyň topragyň gurplanmagyna oňaýly täsir edip, onuň däne hasyly ýygnalyp alnandan soň, toprakda galýan kök ösüntgileriniň düzüminde biologiki azotyň ýeterlik mukdarda saklanyp, soňky ekiljek ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýändiginiň geçirilen ylmy-barlaglaryň esasynda anyklanylandygyny maslahata gatnaşyjylar belläp geçdiler.


Begli BURINOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok