Aşgabat şäheriniň 140 ýaşy uludan belleniler.

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa şu ýyl paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň belleniljekdigini aýdyp, bu şanly sene mynasybetli, dürli filmleriň döredilmegini, mowzuklaýyn sergileri we döredijilik bäsleşikleri guramak baradaky birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem, döwlet Baştutany 26.01.2021 senesinde wise-premýer Ş.Durdylyýewe Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurluşygy dowam edýän 3 we 4 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň şu ýyl 25-nji maýda belleniljek Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy hemde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 140 hojalyga hemme zerur bolan durmuş şertleri bilen üpjün edilen täze öýleriň sowgat berilmegi barada birnäçe görkezmeleri beripdi.

Çeşme:TDH

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok