DÖREDIJILIKLI, YLYMLY – ÝAŞLAR

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy hem-de Hormatly  Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň dört ýyllygy mynasybetli, Ýaş alymlar merkezi tarapyndan “Garaşsyz Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmakda ýaş alymlaryň orny” atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Bilim ministrligi bilen bilelikde, ylmy-barlag institutlaryň direktorlarynyň ylmy işler boýunça orunbasarlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işler boýunça prorektorlarynyň hem-de ýaş alymlar geňeşleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wideoaragatnaşyk maslahatynda çykyş edenler ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň täze açyşlary we döredijilik üstünlikleri barada hasabat berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary tarapyndan ýaş alymlara birnäçe teklipler berildi.

Ýokary okuw mekdebimiziň gatnaşmagynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylmy işler boýunça prorektory we Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy dört ýylyň dowamynda alnyp barylan ylmy işler boýunça hasabat taýýarlanyldy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary geljekde ylmy-döredijilik işleri has-da kämilleşdirip birnäçe ylmy işleri ýerine ýetirmeklik göz öňüne tutulýar.

Ýurdumyzyň ylmy ösüşini dünýä derejesine çykarmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

.

J. Toryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň “Sungaty öwreniş”
kafedrasynyň mugallymy,
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy

 

                                       

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok