Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen uniwersitetiniň hassahanasynyň ýanyndaky ýokanç keselleriniň barlag merkeziniň ýolbaşçysy Adalbert Krawçigiň hem-de “Türkmendermansenagat” birleşiginiň, Ylymlar akademiýasynyň we beýleki ugurdaş saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşykda ýokanç keselleri bejermekde hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de buýan köküni we onuň düzüminde bar bolan glisirrizin kislotasyny ulanmagyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, buýan köküniň gadymy döwürlerden bäri ylmy we halk lukmançylygynda üsgülewügi, böwregi, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onki barmak içegäniň kesellerini bejermegiň serişdesi hökmünde ulanylýandygy nygtaldy. Halk lukmançylygynyň tejribesi esasynda we häzirki zaman talaplaryny nazara almak bilen, şu dermanlyk ösümlikden bejeriş-öňüni alyş serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Buýan köküniň adamyň kesellere garşy durnuklylygyny pugtalandyrýandygy subut edildi. Türkmen buýan köki beýleki görnüşlerden özüniň gymmatly häsiýetleri bilen has tapawutlanýar. Biziň howamyz bu ösümlikde peýdaly maddalaryň köpüsiniň jemlenmegi üçin has oňaýly şertleri döredýär.
Iş duşuşygynyň barşynda ylmy diplomatiýa ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, lukman-alymlaryň, bilermenleriň we hünärmenleriň arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin şertleri döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Teswirler