Rejepbaý Rejepow — belli mekdebiň uçurymy

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etraby diňe bir sebitde däl, ýurdumyzda zehinli agyr atletikaçylaryň mekany hökmünde tanalýar. Bu etrapda türkmen sportunyň ösmegine saldamly goşant goşan türgenler kemala geldi. Olardan «demir oýnuň» ussatlary: türkmen türgenleriniň arasynda dört gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, özboluşly rekord goýan, halkara derejeli sport ussady Umurbek Bazarbaýewi, dörtýyllygyň iň uly sport baýramyna iki sapar gatnaşan Tolkunbek Hudaýbergenowy, 2012-nji ýylyň London Olimpiadasynda çykyş eden Mansur Rejepowy we iri halkara ýaryşlarynyň baýrak eýeleri bolan beýleki agyr atletikaçylary görkezmek bolar.

Häzirki wagtda çykyş edip ýören türgenleriň arasynda bolsa bu mekdebiň uçurymlaryndan Rejepbaý Rejepow öz şowly çykyşlary bilen begendirip gelýär. Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy, halkara derejeli sport ussady bolan bu türgen ýurdumyzyň iň güýçli agyr atletikaçylarynyň biri hasaplanýar. Geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda 81 kg agramda iki görnüşiň jeminde 320 kg netije görkezip, ýeňiji bolan Rejepbaý halkara arenasynda hem üstünlikli çykyş edýär. Ol 2011-nji ýylda Tailandda ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynyň kümüş, şol ýyl Özbegistanda geçirilen Aziýanyň Kubogynyň altyn, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem altyn, 2017-nji ýylda Anahaýmda bolan (ABŞ) dünýä çempionatynyň kümüş medallarynyň eýesidir.

Rejepbaý Rejepow türgenler neberesindendir. Onuň kakasy Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Mömin Rejepow, agasy bolsa belli hünärmen Bahadyr Rejepowdyr. Bu tanymal hünärmenler dürli derejeli iri ýaryşlardaky şowly çykyşlary bilen ýurdumyzyň medallar gaznasyny baýlaşdyran agyr atletikaçylaryň onlarçasyny ýetişdirdiler.

Häzriki günlerde Rejepbaý Rejepow ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň beýleki agzalary bilen Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Artur Emirýanyň, Ikram Matkarimowyň we beýleki hünärmenleriň ýolbaşçylygynda Tokio-2021-e taýýarlyk görýär.

Aýjeren Iliýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok