Gazagystan Respublikasynda 7 — 12-nji ýanwar aralygynda geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça Žautykow Halkara ders bäsleşiginde türkmen mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş etdi. Ýurdumyzyň toparyna halkara derejede ukyplaryny mynasyp görkezen bäsdeşleriň 10-sy wekilçilik etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Ders bäsleşigine dünýäniň 21 ýurdundan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Awstriýadan, Daniýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Mongoliýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Ermenistandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan zehinli okuwçylaryň müňden gowragy gatnaşdy.
Zehinlileriň informatika boýunça bäsleşiginde paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy Süleýman Ataýew kümüş medal gazandy. Aşgabatdan hem-de Diýarymyzyň welaýatlaryndan ýokary synp okuwçylarynyň ýedisi üçünji orna we bürünç medallara eýe boldular. Şolardan üçüsi matematika boýunça, üçüsi fizika boýunça we biri informatika boýunça gazanyldy.
Teswirler