Hormatly InAshgabat saýtymyzyň okaýjylar, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýylygy we Halkara maýyplar güni mynasybetli TKKJ-niň görüş taýdan maýyp agzalarynyň arasynda geçirilýän edebiýat we döredijilik işleri boýunça bäsleşigi geçdi.
Şu gün Bäsleşikde höweslendiriji oruna mynasyp bolan Görüş taýdan II topar maýyp Bägül Soltanowanyň goşgylary Siziň dykkatyňyza hödürlemegi dowam edýäris:
GALJAKDYM!
Seniň gara gözleriňe seredip
Ýüregimden seni söýýän diýjekdim
Şygyrlarmy seň adyňa döredip
Gursagyma müdümilik saljakdym!
Gamly başym seniň kükregňe goýup
Pynhan syrlarymy saňa aýtjakdym
Juwan kalbym gyzgyn mähriňi duýup
Mährem gujagyňda baky galjakdym!
Ýar bilen seýil edip söýgi şalygna
Taýym bilen bagt bagyna girjekdim
Unudyp dünýäniň biwepalygny
Seniň üçin yşk çemenin bogjakdym!
Bahar kimin elwan kürte atynyp
Ykbalymy ykbalyňa çatjakdym
Gyzgyn mährim bilen töriňi çoýup
Yşkym bilen bagtyňa bagt goşjakdym!
Arzuwlarmyň bary menden daşlaşyp
Şowsuzlygyň kerebine çolaşyp
Hyýalymda söýgim bilen hoşlaşyp
Durmuşda ýar sensiz galmaly boldum!
Ters gelen täleýiň ýumagyn çözläp
Ýalňyzlyk derdini çekmeli boldum
Söýmedik ýigidiň törini bezäp
Gözýaş şerabyny içmeli boldym
Küştde utulan oýunçy kimin
Ykbaldan utulyp galmaly boldum
Söýgisiz durmuşda ýaşamak ýaman
Arman,arman,arman diýmeli boldum!
.
Bägül Soltanowa,
Görüş taýdan II topar maýyp
Baýramaly şäheri.
Teswirler