Täze ýylyň baş gahrymany

    Häzir biziň ýurdumyzyň, Aziýanyň, Ýewropanyň,  umuman, bütin dünýäniň çagalarynyň arzylap we howlugyp garaşýan wagty geldi. Elbetde, täze ýyl baýramçylygyna diňebir çagalar däl, eýsem hemmelerem garaşýan bolsa gerek. Bu baýramyň baş gahrymany hem, öz-özünden Aýazbaba, köp ýurtlarda bolsa Santa Klaus bolup durýar. Ol gahrymana ýewropanyň käbir ýurtlarynda Sintaklaus, ýa-da Gudratly Nikolaý hem diýilýär. Biziň baýramçylygymyzyň baş gahrymanynyň kimdigi, nähili we nirede döränligi köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Geliň häzir şol gürrüňiň üstünde birsalym durup geçeliň!

     Aýazbabanyň, ýagny Santa Klausyň dörän ýeri barada anyk maglumatlar ýok, ýöne ol Laplandiýada şeýle hem Demirgazyk polýusynda ýadap geçipdir diýen çaklamalar bar. Rowaýatlara görä, ol adam güzeranyny kynlyk bilen dolandyrýan maşgalalara kömek berer ekeni. Has dogrusy, ol täze ýyldan öň bir garyp maşgalanyň pejiniň turbasyndan içi pully haltajygy oklanmyş. Şeýdibem, soň-soňlar ýene birnäçe maşgalalarda bu hadysa gaýtalanypdyr.

     Häzirki wagtda biziň hemmämiziň ýadymyzda galan, biziň tanaýan Santa Klausymyzyň keşbi bolsa soň döreýär. Günlerde bir gün Kolumbiýa uniwersitetiniň mugallymy Klement Klark Mur çagalar üçin goşgy görnüşli erteki ýazýar, ertekide bolsa Santa Klausyň çagalara sowgat berişi we özboluşly gahrymanlygy çeperçilik bilen beýan edilýär. Başga-da bu ertekide Santa Klausyň 9 sany sugunlary barada aýdylypdyr. Soňra 1823-nji ýylda bu eser “Sentiel” atly gazetde neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilýär. Şeýlelikde bu eser we eseriň gahrymany halkyň aňynda uly täsir galdyrmagy başarýar. Esasanam, bu eser şol döwrüň belli suratkeşi Tomas Nastda uly täsir galdyran bolmaly, çünki ol “Harpers wikly”(Harper’s weekly) atly žurnalda ýaňky erteki boýunça Santa Klausyň ilkinji suduryny, keşbini döredýär. Aslynda, suratkeşiň döredijiligi boýunça Santa Klausyň egnindäki eşigi goňur reňde bolupdyr. Ýöne, şol wagt çapdan çykan surat birhili sebäplere görä gyzyl reňke öwrülipdir. Bu bolsa, hakykatdan hem biziň tanaýan Santamyzyň keşbi bolup galýar.

     Ýene bellenilmeli bir zat, Santa Klausy biz hiç wagt sugunsyz “göz öňüne getirip” bilmeris. Sebäbi, ol sugunlaryň hem öz ýerleri, wezipeleri, hatda atlary hem bardyr, olar bolsa:

1. Deşer
2. Denser
3. Prenser
4. Wiksen
5. Komet
6. Kýup
7. Donner
8. Bliksem
9. Rudolf

Bu atlar iňlis we nemes dillerinden terjime edilen bolup, 8 sugun dört-dörtden iki hatara düzülen görnüşde bolup, öňlerini bolsa Rudolf atly sugun çeker eken.

     Her bir ertekilerde gahrymanyň bar ýerinde, onuň gapma-garşylygynyň bolşy ýaly, rowaýatlarda Santanyň hem Krampus atly duşmanynyň barlygy bellenilýär. Ýöne, mydama gowluk erbetlikden üstün çykýar, bu ertekide hem şeýledir.

     Täze ýyl – bu gudratyň we jadynyň bolýan wagtydyr. Täze ýylyň öň syrasynda bolsa, her ynsan öz ýüreginde beslän arzuwlaryny edýär, niýetini gowa tarap gönükdirýär. Ynam hem diýseň güýçli zatlaryň biridir.

Pursatdan peýdalanyp, men mähriban okyjylarymyzy, ildeşlerimizi we Hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän Täze 2021-nji ýyl bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn! Goý bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, işleri bolsa elmydama rowaç bolsun!

Nazar TATOW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok