EKOLOGIÝA BILIMINIŇ ÄHMIÝETI

  TALYPLARYŇ HÜNÄR TAÝÝARLYGYNY ÝOKARLANDYRMAKDA EKOLOGIÝA BILIMINIŇ ÖWREDILIŞINI KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ÄHMIÝETI

Dünýäniň  häzirki zaman  globallaşýan şertlerinde durnukly ösüşe eýe bolýan jemgyýetde her bir şahsyýetiň ekologiýa biliminiň we medeniýetiniň ösen derejede bolmagy zerurdyr. Dürli ugurlar boýunça ýokary bilim alýan talyplara adamyň giň möçberli hojalyk işleriniň daşky gurşawa köptaraplaýyn täsirleriniň hünär okuwlary bilen baglanyşykly öwredilmegi möhüm wezipeleriň biri hasaplanýar. Önümçilik işlerini dolandyrmak bilen meşgullanýan hünärmenler taýýarlananda hem tehnologik hadysalaryň we emele gelýän galyndylaryň täsirinde ekologiýa howplaryň ýüze çykmak mümkinçiliklerine talyplaryň doly akyl ýetirmegi üçin ekologiýa biliminiň kämilleşdirilmeginiň has-da möhümdigini dünýä tejribesi görkezýär. Senagat önümçiliginiň tehnologik we ykdysady ösüşiniň ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegi bilen utgaşdyrylmagy adamzadyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň zerur şertidir. Bu ugurda önümçilik kärhanalarynda tehnologik hadysalary amala aşyrmak arkaly dürli görnüşli tebigy çig mallardan taýýar önümleri öndürýän hünärmenleriň ekologiýa taýdan ýokary bilimli we ösen medeniýetli bolmagyny gazanmak ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhüm şertleriniň biridir.

    Işiň maksady biosferany tehnogen hapalanmakdan goramakda dürli ugurlar boýunça, şol sanda önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenleri taýýarlamakda talyplaryň ekologiýa bilimini döwrebap ösdürmegiň ornuny beýan etmekden ybarat. Ýokary okuw mekdepleri derejesinde ekologik bilim bermegiň esasy maksady hünärmen bilen tebigatyň arasyndaky özara gatnaşygyň ruhy we amaly tejribeleriniň bitewüligi hökmünde ekologik ugrukmalaryny ösdürmekden ybaratdyr. Ekologik bilimiň bu maksady önümçilik işlerini daşky gurşawy hapalanmadan gorap saklamak bilen utgaşdyrmagy başarýan hem-de ösen ekologiýa medeniýeti bolan hünärmeni taýýarlamagy öz içine alýar. Önümçilik işlerini dolandyrýan hünärmeniň ekologiýa medeniýetiniň hem ösmegini onuň ekologik biliminiň, aň-düşünjesiniň we tebigaty goramak işindäki amaly başarnyklarynyň hem-de endikleriniň derejesiniň özara utgaşmasyny kesgitleýär. Talyplaryň ekologiýa biliminiň ýokary derejede bolmagy tebigy baýlyklardan peýdalanmagy dolandyrmakda daşky gurşawyň ekologiýa sagdynlygyna zyýan ýetirip biljek hereketleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrýandygyny aňladýar. Talyplaryň ösen ekologiýa bilimine eýe bolmagy geljekde öz hereketlerini ýa-da adamlaryň toparynyň hereketlerini tebigatyň talaplary bilen sazlaşdyrylmalydygyna doly düşünýän, tebigy baýlyklara umumadamzat gymmatlygy hökmünde akyl ýetirmegi başarýan ekologiýa taýdan ahlakly hünärmeniň kemala gelmegini şertlendirýär.

   Netijede, önümçiligiň dürli ugurlary boýunça ösen ekologiýa bilimine eýe bolan hünärmenleriň taýýarlanmagy ýurdumyzda milli derejede kabul edilen ekologiýa maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine we ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly ýardam berýär.

Ogulbeg DÖWLETOWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

                                              

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok