Gyş üçin maslahat

• Başardygyňdan buz tutan ýodalardan ýöremejek bolmaly. Eger-de bialaç doňak ýerlerden ýöremeli bolaýan ýagdaýynda gysga ädim bilen ýöremeli.
• Deňagramlylygy saklamak üçin elleri jübiden daşarda tutmaly. Eger mümkin bolsa ýoluň gyrasyndaky zatlardan (haýat, bag, tutawaç) tutunyp geçmeli.


• Buzda taýyp ýykylanda alyp boljak agyr şikesleriň arasynda süňkleriň birleşme nokady (dyz, tirsek, egin), guýruk-oňurga we kelläniň ýere degmegi netijesinde geçirilen beýin çaýkanmasyny sanap bolar.
• Gyşyň güneşli günlerine aldanmaly däl. Galyň geýinmäge dowam etmeli.
• Şapka geýmek kelläni meningit keselinden goraýar.
• Gyşda aýaklary aýap saklamaly. Aýaklardan sowuk geçmez ýaly galyň jorap we aýakgap geýmeli.
• Aýakgap hem sowuga çydamly, hem-de doňak ýerlerde typmaýan häsiýetde bolmaly.
• Güýçli doňaklykda kanallaryň, ýaplaryň, derýalaryň ýüzünde emele gelen buzuň üstünden geçmeli däl. Buzyň aşagynda akym dowam edýän bolup biler. Buz jaýrylyp suwuň içine gaçan akym bilen hereket edip giden adamyň halas bolmagy örän kyn.
• Hokeý ýaly buzdaky sportlar bilen diňe degişli sport desgalarynda meşgullanmaly.

NÄHILI IÝMITLENMELI?
• Sowuk howada wirusly kesellere garşy taýýarlykly bolmaly. Asgyrma, burun akma, üsgürme dümewiň alamatlary bolup biler. Dümewli wagty kän hereket etmän dynç almaly we köp mukdarda suw içmeli.
• Gyşda «C» witamini köp almaly. Muny limonly çaý bilen alyp bolar. Emma, limony örän gyzgyn çaýa goýulan halatynda witaminler güýjüni ýitirýär. Üskülewik bolanda bu çaýa bal hem goşup bilersiňiz.
• Gyşy sagdyn geçirmek üçin wagtly wagtynda iýip içip durmaly. Bakja we miwe önümlerini hem köp sarp etmeli. Turp, kelem, käşir, şugundur ýaly bakja önümleri esasy saglyk çeşmesi.

ÝOLA ÇYKANYŇYZDA
• Gyşda ýola çykanyňyzda gitjek ugurlaryňyzy öňünden meýilleşdiriň.
• Ýanyňyzda ätiýaçdan suw, bir döwüm çörek alyň. Gyşda energiýa köp sarp edilýär.
• Artykmaç pul alyň. Birden ýolda eglenmeli bolsaňyz taksi ulagyna müner ýaly.
• Ulagyňyzy sowuk howa şertlerine görä taýýarlaň. Suwy doňmaz ýaly antifriz guýmaly, tekerler gyşky şertlere görä bolmaly.
• Garaňky düşende gar ýa-da ýagyşly howada pyýada geçelgelerden geçeniňizde el çyrasy ýa-da telefonuňyzyň çyralaryny ýakyp, size tarap gelýän ulag sürüjilerine görkezip geçiň.

ÝANGYN HOWPSUZLYGY DÜZGÜNLERINI HEMIŞE BERJAÝ EDIŇ !

• Ýangyn howpunyň öňüni almak üçin elektrik gyzdyryjylar we gaz plitalary ýaly öý hojalyk enjamlaryny degişli edaralaryň tabşyrygy esasynda we kadalara laýyk ulanmaly.
• Ýangyn ýagdaýy dörände 01, gaz bilen baglanşykly mesele dörände 04 telefon belgilerine jaň etmeli.

Merdan Ataýew
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
“Diller dünýäsi” dil merkeziniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok