Balkanabatda täze howa menzili gurulmagy meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Jebel şäherçesinde täze howa menziliniň taslamasyny hödürlemek we gurmak üçin halkara tender yglan etdi. Degişli bildirişi  «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda ýerleşdirildi diýip turkmenportal internet habar saýty habar berýär.

Gyzyklanýan taraplaryň arzalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we Binagärlik ministrliginiň Marketing we Daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminde bellenilen tertipde bellige alynýar.

Ýatlap geçsek Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan Aşgabatda, Türkmenbaşy, Maryda we Türkmenabatda halkara howa menzillerini gurdy. Kerki şäherindäki häzirki zaman howa menziliniň gurluşyk işleri bolsa häzirki wagtda tamamlanyp barýar.

Aýbölek BAÝJANOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok