Sanly bilim ulgamyan giň ýol

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ylym-bilimi ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamynyň ösýän döwründe häzirki wagtda islendik ýurduň kuwwaty ylym we bilim ulgamynyň ösüşi bilen şertlendirilýär.

Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi hem-de ylmyň öňdebaryjy gazananlary önümçilige ornaşdyrylmagy halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, hususan-da, saglygy goraýyş, bilim, gurluşyk, oba senagat we beýleki ulgamlarynyň çalt ösmegine ýardam edýär. Sanlylaşdyrmak ulgamynyň durmuşa ornaşdyrylýan döwründe ylym we tehnika gün-günden özgerýär, kämilleşýär, adamzadyň intellektual baýlygy artdyrylýar, innowasiýalaryň we ýokary tehnologiýalaryň ösýän döwri durmuşa ornaşdyrylýar. Şol sanda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak işi güýçli depginlerde alnyp barylýar. Çünki, häzirki wagtda durmuşy döwrebap tehnologiýasyz we telekommunikasiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä ýurtlarynyň birnäçesiniň häzirki zaman ösüşinde bu ugurda gazanýan netijeleri sanly tehnologiýalaryň tutuş durmuş-ykdysady ulgamyň özgermegine düýpli täsir edýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde häzirki wagtda durmuşyň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalaryň çalt depginler bilen durmuşa ornaşdyrylmagy esasynda uly ösüşler gazanylýar. Türkmen halkynyň döredijilikli zähmet çekmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

PARAHAT ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok