Özbaşdaklyk – munuň özi buýsançdyr,bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr, ömürdir, erkinlikdir, baýlykdyr, hakyky ata Watandyr. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda özbaşdak, garaşsyz döwlet gurmagy arzuw edipdir. XVIII asyrda ýaşap geçen beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz eserlerinde özbaşdak, berkarar döwlet gurmak baradaky pikiri öňe sürüpdir. Ýaş özbaşdak döwlet hökmünde Garaşsyz Türkmenistan özüniň buýsançly ýaşaýşynyň, ösüşiniň esasy ýörelgesi hökmünde halkymyzyň pähim-paýhasyndan, onuň telim asyrlyk taryhy we medeni däp-dessurlaryndan syzylyp çykýan milli tejribäniň esasynda özüniň milli-döwlet bähbitlerine laýyk geljek, halkymyza öz goňşulary, ähli ýurtlar bilen dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge mümkinçilik berjek syýasaty-hemişelik, oňyn bitaraplyk syýasatyny saýlap aldy. Şeýle hem döwletimiz halkymyzyň saýlap alan şol syýasatynyň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň işlerine goşulmazlyk, olaryň özbaşdaklygyny we çäk bitewüligini hormatlamak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk, halkara meseleleri syýasy diplomatik serişdeler arkaly çözmek ýaly düýpli ýörelgelerini işläp taýýarlady. Şol ýörelgeler halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasyna hem doly laýyk gelýär.
Şunlukda, bitaraplyk biziň halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik däp-dessurlarynyň iň ýokary ýüze çykmasy boldy. Şol bir wagtyň özünde Bitaraplyk syýasatynyň saýlanyp alynmagynda ykdysady häsiýeti bolan ýagdaýlaryň hem möhüm rol oýnandygyny belläp geçmek zerurdyr. Halkymyzyň hemişelik bitaraplyk syýasatyny saýlap alanyndan soň bu ugurda biziň döwletimiziň indiki ädimi ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmegini gazanmak boldy.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň aýratynlygy barada aýdanymyzda, onda Türkmenistan özüniň bitaraplygy BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji döwletdir. Şeýle hem halkara hukugynda bar bolan tapawutlandyrmalara laýyklykda, Türkmenistanyň bitaraplygyň seýrek sypatlary şulardyr: ozaly bilen, bitaraplyk ýurdumyzyň taryhyny, onuň häzirki içerki hakykatyny, geografik we geosyýasy ýagdaýyny, türkmen halkynyň asylly däplerini şöhlelendirýär. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ikinji sypaty, ol hem onuň gelip çykyşy boýunça ykrar edilenligidir: muny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “ Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda” rezolýusiýasy hem tassyklaýar. Türkmenistanyň bitaraplygy özüniň görnüşi boýunça hemişelikdir, başgaça aýdanymyzda, ol wagt boýunça çäklendirilen däldir we harby ýagdaýda-da, parahatçylykly döwürde hem hereket edýändir. Galyberse-de, özüniň mazmuny boýunça biziň bitaraplygymyz oňyndyr ýa-da konstruktiwdir. Munuň özi parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, döwletleriň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerinde döwletimiziň işjeň hereketini aňladýar.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty sözüň doly manysynda ýurdumyzyň özbaşdaklygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkara giňişliginde onuň syýasy we ykdysady bähbitlerini goramaga, üpjün etmäge, onuň täsirini ýokarlandyrmaga, ilatyň maddy we ruhy isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen içerki syýasatynyň logiki dowamydyr. Başgaça aýdanymyzda, onda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty milli bähbitlerimiz bilen baglylykda aýdyň, oýlanyşykly esasda guralýar. Bu syýasat dürli derejelerde we ugurlarda alnyp barylýan yzygiderli çäreleriň toplumy bolmak bilen, ol baş maksada-häzirki we geljekki nesilleriň mynasyp durmuş derejesiniň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň gülläp ösmegine, parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, dost-doganlyk taglymatynyň ornaşdyrylmagyna, ýer ýüzünde hoşniýetli gatnaşyklaryň we ösüşiň kemala gelmegine we kämilleşmegine gönükdirilendir.
.
Begli TÄŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby
Teswirler