Türkmenistan – Bitarap we asuda mekan

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan halkara gatnaşyklary ýoluny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýar. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly şygary bilen geçýän 2020-nji ýyl döwletimiziň şöhratly taryhyna aýratyn sahypa bolup girer.  Ata Watanymyzyň hemişelik  Bitaraplygynyň  25 ýyllyk baýramy we oňa bagyşlanan dabaraly çäreler mähriban Watanymyzyň halkara abraýynyň dabaralanmagynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrülýär.

Türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem bäsleşikler, «açyk sapaklar», halkara onlaýn duşuşyklar, baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň «Paýhas we parasat» ylmy gurnagy «Türkmenistan – Bitarap we asuda mekan» atly referat bäsleşigini geçirdi. Institutyň professor mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda talyplar özleriniň ylmy referatlarynda türkmen bitaraplygynyň taryhy kökleri we onuň hukuk esaslary, ýurdumyzyň dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary  bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, halkara gatnaşyklary ulgamynda  bitaraplyk syýasaty we onuň ähmiýeti barada ylmy maglumatlary beýan etdiler. Bäsleşige işjeň gatnaşan hem-de ýeňiji bolan talyplar institutyň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Ýurdumyzda geçirilýän şeýle çäreler türkmen ýaşlaryny ýokary ahlakly, aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, ýokary hukuk medeniýetli edip terbiýeläp ýetişdirmekde, olarda watansöýüjilik duýgularyny kämilleşdirmekde egsilmez genji-hazyna bolar. Bu gün özleri üçin edilýän taýsyz tagallalardan ruhlanýan türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzda döredilip berilýän şeýle mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini we ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

.

Hatyja Döwletnazarowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary insitutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok