TÜRKMENISTAN SEBITIŇ LOGOSTIKA MERKEZI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn özgerýän Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşiniň täze basgançaklaryna tarap ynamly gadam basýar. Türkmenistan hökümetiniň umumadamzat ähmiýetli logistik başlangyçlary bu günki günde özüniň ajaýyp netijelerini berýär.

Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam basýan ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary pudagynda hem halkara ähmiýetli gatnawlar yzygiderli amala aşyrýar.

Türkmenistanyň önümçilik kuwwatlylygynyň ýokarlanýandygyna Watanymyzdan daşary ýurtlara 336 müň 217 tonna ýükleriň eksport edilendigi şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümlere halkara derejesinde örän uly  önümlere halkara derejesinde uly isleg bildirilýär. Olar yzygiderli daşary ýurtlara ugradylyp durulýar.

«Kämilligiň çägi ýok» diýlişi ýaly, bu ajaýyp görkezijileri has-da ýokarlandyrmak, hökümetimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň degişli pudaklarynda yzygiderlikli hünärmenleriň duşuşygy, maslahatlar, ýaş hünärmenleri jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýarlamak ähmiýetli tejribelikler yzygiderli geçirilip durulýar. Üstaşyr geçelgeler ýurdumyzyň halkara söwda ulgamyna yzygiderli ornaşmagyna mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň logistika babatdaky üstünlikli alyp barýan işleri halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Şeýlelikde, özüniň «Klinker», «Sement» önümleri bilen meşhur bolan Eýran Yslam Respublikasynyň bu önümleriniň ýakyn geljekde Türkmenistan döwletimiziň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Özbegistan Respublikasyna ugrdylmagynyň meýilleşdirilmegi, ýurdumyzyň ulaglar düzüminiň kuwwatly binýadynyň goýlandygyny görkezýär

Bu portuň geljekde sebit üçin örän wajyp orun eýelejekdigi bigumandyr. Halkara gatnawlaryna saldamly goşant goşjak porta gyzyklanma bildirilýändigi ýokarda hem bellenilip geçilipdi. Şeýle gyzyklanmalaryň biri hem geljekde Özbegistan Respublikasyna 600 müň «Şeker çig ýüpegini» Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen üstaşyr geçirmek meýlidir. Bu meýilleşdirilýän gatnaw Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gurlan ýurdumyzyň «deňiz derwezesiniň» üstünlikli işlejekdigine ynam bilen seretmäge mümkinçilik berýär.

.

                                               Aýna BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary Işler  ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy hakultetiniň I ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok