Ylym we tehnika – milli ykdysadyýetiň ganatlary

Häzirki zaman dünýasinde täze tehnologiýalaryň, önümçiligiň we ony dolandyrmagyň täze, has kämil usullarynyň, şeýle hem dünýä bazarlarynda ýokary bäsdeşlik ukyplaryna eýe bolan harytlaryň dürli görnüşleriniň döredilmegi günsaýyn çaltlaşýar. Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly: “Wagt garaşmaýar. Döwür çalt üýtgeýär. Göz açyp- ýumasy salymda uly özgerişlikler bolup geçýär. Täze ylmy tehnologiýalar işlenip düzülýär we önümçilige ornaşdyrylýar, olaryň binýadynda bolsa önümçiligiň köp pudaklary gaýtadan guralýar”. Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy meseleleriniň biri ykdysady dolanyşyga ylmy we ylmy- tehniki işiň netijelerini çekmek bolup durýar. Çünki häzirki zaman dünýäsinde ýurduň ykdysady ösüşi, esasan hem, önümçiligiň intellektuallaşdyrylmagy we onuň esasy ugurlarynda ylmy-tehniki ösüşiň eýeleýän orny bilen häsiýetlendirilýär. Türkmenistanyň durmuş- ykdysady ösüşiniň 2011 -2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda-da “Döwletiň innowasiýa syýasaty babatynda esasy wezipeleriniň birinji tapgyrynda” “innowasiýa işjeňligini çaltlandyrýan kadalaşdyryjy hukuknamalaryny işläp düzmekden we durmuşa ornaşdyrmakdan” ybaratdygy bellenilýär.

Şeýlelikde, innowasiýa işi bilen bagly meseleleriň we oňa dahylly beýleki soraglaryň ylmy taýdan öwrenilmegi hem seljerilmegi häzirki günde durmuşy we derwaýys bolup durýar. Çünki şeýle seljerişiň amala aşyrylmagynyň netijesinde diňe bir innowasiýa işiniň hukuk mazmunyna düşünilmäge çalşylmaýarda, eýsem milli kanunçylygyň bu çygra dahylly pudaklaryny kämilleşdirmek babatda-da teklipler berilýär. Innowasiýa işini höweslendirmegiň wajyp şertleriniň biri-de ykdysadyýetde oňyn bäsdeşligiň emele gelmegine we kadaly hereket etmegine ýardam berýän hukuk binýadyny döretmekden ybaratdyr. Innowasiýa işi amala aşyrylanda innowasiýalaryň netijeli ulanylmagyny we ykdysady görkezijileri ýokarlandyrmak maksady bilen innowasiýa çygryny düzgünleşdirýän hukuk serişdeleriniň toplumyny yzygiderli emele getirmek hem kämilleşdirmek babatda barha kesgitli we aýgytly hereket etmek zerur bolup durýar.

Şonuň bilen birlikde-de häzirki döwürde biziň ýurdumyzda bu ylmy işde seljerilýän çygyrda ulanylýan, “innowasiýa”, “innowasiýa işi” ýaly düşünjeleriň kanunçylykda kesgitlenen aňlatmalary ýok we innowasiýa işi bilen bagly adalgalaryň aglaba köpüsiniň diňe ylmy edebiýatlarda, metbugat serişdelerinde neşir edilýän maglumatlarda berilýär. Şeýle neşirlerde kesgitlenen adalgalar hukuk aňlatmalary bilen deňeşdirilende gutarnykly we jedelsiz däldir. “Innowasiýa” adalgasy ykdysady düşünjedir we mazmuny boýunça örän giňdir. Şu nukdaýnazardan hem kanunçykaryjylaryň öňünde bu düşünjäniň hukuk mazmunyny takyk we gutarnykly kesgitlemek hem-de ony tutuş döwlet ähmiýetli, ýörite kadalaşdyryjy hukuknamada berkitmek wezipesi durýar. Ilkinji nobatda-da innowasiýa işiniň subýektlerini hukuk esasynda gutarnykly kesgitlemegiň wajyp ähmiýeti bar. Sebäbi bütin dünýäde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda-da innowasiýa işiniň geljegi örän uly.

Türkmenistanda “Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatynda döwletleriň ählisiniň diýen ýaly amala aşyrýan senagat syýasatynda milli innowasion ulgamyny ösdürmäge esasy orun berilýär” diýip belleýän Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýasynda innowasiýa ulgamyny döretmeklige we ösdürmeklige döwlet ähmiýetli iş hökmünde garalýar.

.

Ilaman AGAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok