Bitaraplyk – buýsanjymyz

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halky üçin ýatdan çykmajak şanly waka bolup geçdi. Türkmenistan Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýa esasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Şu geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine ygrarlydygy bilen tapawutlandy. Ýurdumyz dünýäniň dürli döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýdy.

Hormatly Prezidentimiz: “Hoşniýetli Bitaraplyk, ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir” diýip, Bitaraplygyň kökleriniň halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bilen aýrylmaz baglnyşyklydygyna ünsi çekýär. Türkmen halky taryhyň uzak döwründe öz ýaşaýyş-durmuşyna, goňşular bilen gatnaşygyna zerur bolan ynsanperwerlik gymmatlyklaryny döredip biler. Biziň halkymyz gadym wagtlardan bäri ata-babalarymyzyň sada-sagdyn ýörelgelere eýerip, öz asyl ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklap, olary durmuşyň ähli ugurlarynda ykrar edip gelipdirler. Türkmen halky elmydama agzybirlige we Bitaraplyga ymtylypdyr. Şu hili sagdyn ýörelgeleri jemgyýetiň ýaşaýşynyň we beýleki halklar bilen gatnaşygynyň durnuklylygyna, agzybirligine hyzmatdaşlyga hemaýat edýär. Onuň esasynda ýüze çykýan ýörelgeler we gymmatlyklar diňe bir biziň jemgyýetimiziň ösüşiniň bagtyýarlyk döwri üçin däl, eýsem, adamzadyň häzirki çylşyrymly ösüş döwri üçin hem aýratyn ähmiýetlidir.

Ýurdumyzda içerki durnuklylyk we syýasy ulgamyň mäkämligi, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna demokratik ýörelgeleriň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy halkara giňişliginde Türkmenistanyň ygtybarly ornuny, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyz adamzat ösüşiniň ählumumy ösen meýillerine doly derejede kybap gelýän dünýä bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň özboluşly görnüşlerini işläp düzdi. Milli Liderimize her bir edýän işimizde berýän goldawlary we döredýän mümkinçilikleri üçin janynyň sag, işleriniň rowaçlyklara beslenip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem at-abraýynyň belende galmagyny arzuw edýäris.

Aýgül GURDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok