Birža söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, nebit koksuny, özbegistanly işewürler polietilen satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň telekeçileri daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri, trikotaž matalary, nah matalary we ýüplükleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 10 million 344 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri 22 million 328 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok