30-njy oktýabrda Aşgabatda «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça bu döredijilik merkez «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Bu barada TDH habar berýär.
Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýlekiler gatnaşdylar. Bu waka mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlardan soň, «Jahan» döredijilik merkeziniň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlag haty okaldy.
Merkeziň birinji gatynda ýerleşdirilen tans toparlary üçin zalda dabara gatnaşyjylar tansçylaryň tans edýän pursatlaryny synladylar hem-de konsertlere taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Sungatyň bu görnüşine höwes bildirýän çagalaryň, ýetginjekleriň ussatlyk derejesine ýetmekleri, olaryň tans sungatyna, elbetde, aýratyn meşhurlyga eýe bolan milli tanslara çuň aralaşmaklary ugrunda ýörite maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy.
Soňra «Jahan» döredijilik merkeziniň myhmanlary onuň sport zalyna baryp gördüler hem-de türgenleşikleri geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere baha berdiler. Döredijilik merkezinde sport ulgamyna degişli aýratyn desganyň bina edilmegi ýurdumyzda sportuň hemişe okuw hem-de kämilleşmek, dynç almak we saglygyňy dikeltmek, işe bolan ukyp-başarnygyňy açmak bilen utgaşdyrylýandygyna nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.
Soňra myhmanlar binanyň ikinji gatyna çykdylar hem-de şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk otagy bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýaşlaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmekleri hem-de şekillendiriş sungatlaryny, şeýle hem bu ugurda milli mirasy öwrenmegi üçin ähli şertler döredilipdir.
Merkeziň ses ýazgylar studiýasy dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde täzeçil usullar we sanly ulgam bilen üpjün edilen enjamlaryň kömegi arkaly dürli ýazgylary ýerine ýetirmek bolýar. Şeýle hem merkezde çagalaryň hor toparynyň otagy, wokal-instrumental saz otagy, şonuň ýaly-da çeper-tikinçilik otagy bilen tanyşdylar.
Döredijilik merkezini gurmak üçin 5 gektara golaý meýdan bölünip berildi. Şunda 28 müň inedördül metrden gowrak meýdan abadanlaşdyryldy, şeýle hem şol çäkde sport meýdançasy, ýapyk we açyk awtoduralgalar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da, «Jahan» döredijilik merkeziniň golaýynda ýapyk awtobus duralgasy guruldy.
Çäre sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy, ol şu günki dabaralaryň bezegine öwrüldi.
Gülälek Nurmuhammedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Teswirler