30 ýyldan bäri howada-da, gury ýerde-de ulanyp boljak ulagy ösdürmek üçin işleýän Prof. Stefan Kleýn maksadyna ýetmek üçin gaty ýakynlaşdy. Ol“AirCar” atly ulagy öndürip, professor bu ulagy howada-da, gury ýerde-de ulanmaga mümkinçiligi döretmegi başardy.. Diňe 3 minutda uçara öwrülip bilýän awtoulag awiasiýa talaplaryna hem laýyk gelýär.
Slowakiýada ýerleşýän “Klein Vision” atly gözleg we barlag kompaniýasyny esaslandyryjy Prof. Stefan Kleýn 30 ýyl töweregi wagt bäri gaty täsirli taslama üstünde işleýär. Kleýniň taslamasy, wagtal-wagtal filmlerde görýän uçýan awtoulagymyza gönükdirilendir. Howada-da, gury ýerde-de ulanyp boljak awtoulaglar henizem köpler üçin arzuw bolup dursa-da, professor öz taslamasynyň soňuna çykana meňzeýär.
Klein uçýan ulagyna “AirCar” diýip at berdi. 1100 kilogramlyk ulag iki ýolagçyny götermäge ukyply we goşmaça 200 kilogram ýük göterip biler. BMW tarapyndan öndürilen 140 at güýji bolan “AirCar”-yň geçjek aralygy 1000 kilometre barabardyr, Kleýniň sözlerine görä. Mundan başga-da, 300 metr aralykdan uçup bilýän ulagyň tizligi sagatda 200 kilometre ýetip biler.
Diňe 3 minutda uçara öwrülip bilýän “AirCar” tötänleýin öndürilen önüm däl. Ulag ähli awiasiýa talaplaryna laýyklykda işleýär. “AirCar”-yň synag uçuşlaryny hem amala aşyran professor bu ulagyň “Ýewropa awiasiýa howpsuzlygy gullugynyň” (EASA) düzgünlerine laýyklykda işlenip düzülendigini we ýakyn 6 aýda şahadatnama aljakdygyny aýtdy.
Howa we gury ýer şertleri üçin amatly bu awtoulag ähli jikme-jiklikler bilen taýýar bolansoň satylar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda kompaniýa bu ulagyň bahasy barada beýanat berip bilmeýär.
Altynaý ÇOLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Teswirler