Elektrikli awtoulaglaryň zarýat bermek meselesine çözüm tapylar.

Awtoulag pudagynyň geljegi hökmünde görülýän elektrikli awtoulaglar üçin hemme zat başgaça bolup durýar. Bu ulaglaryň iň möhüm meselelerinden biri bolan zarýad beriş wagtynyň mesele döredýänligini bellemek gerek.

“Tesla” ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylygyndaky elektrik awtoulag bazary bütin dünýäde ösmegini dowam etdirýär. Klassiki awtoulaglardan tapawutlylykda bu ulaglaryň öndürijiligi esasan batareýalarynyň işleýşine baglydyr.

Elektrikli awtoulaglar üçin iň esasy päsgelçilikler hem bu ugurda ýüze çykýar. Haýal zarýad beriş wagtlary we pes görkeziji bu awtoulaglary satyn almagy göz öňünde tutýanlaryň esasy aladalaryna öwrüldi. “POSTECH” hünärmenler topary bu meseläni çözüp biljek tehnologiýany yglan etdi.

Sungkýunkwan uniwersitetiniň energiýa bölüminiň professory Minkýung Kimiň ýolbaşçylygyndaky gözleg topary täze litiý-ion zarýad beriş amalyny döretdi. Bu usulda berilýän zarýad wagty ep-esli gysgaldylsa-da, bölejikleriň ululygyny kiçeltmeýär.

Öňki usullarda has çalt zarýad bermek we energiýa ulanmak üçin litiý-ion batareýalarynda bölejikleriň ululyklary azdy. Bu usul sebäpli batareýalaryň ululygyna baglylykda energiýa saklaýyş mukdary hem azdy. Täze usulda, aralyk fazanyň kömegi bilen uly energiýa dykyzlygyny we bölejikleriň göwrümini kiçeltmän, uzak wagtlap dowam edýän Litýum-ion batareýalaryny öndürmeklik başartdy.

Adaty gurluşda ulanylýan batareýa materiallary şol bir wagtyň özünde pes we ýokary dykyzlykly energiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýar we bir wagtyň özünde iki ýüküň täsirine düşýändigi sebäpli gurluş taýdan ýaramazlaşýar. Bu täsir täze usulda ulanylýan aralyk fazanyň kömegi bilen köplenç ýok edilýär. Birmeňzeş bolan batareýa öýjükleri has çalt zarýad alyp, has güýçli elektrik üpjün edip biler.

Mähri ADYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok