Häzirki wagtda ulanýan suw arassalaýyş ulgamlarymyzy Maýalar 2000 mundan ozal ulanypdyrlar.

Alymlar Maýa siwilizasiýasy bilen baglanyşykly täze açyş etdiler. Gwatemalada geçirilen açyş, 2000 ýyl ozal ýaşan maýalylaryň suwy arassalamak üçin tebigy maddalary ulanandygyny görkezýär. Has gyzyklysy, maýalylaryň suwy arassalamak üçin ulanýan ulgamynyň häzirki wagtda Ýewropada ulanylmagy dowam etdirilýär.

Gadymy Maýa siwilizasiýasynyň möhüm merkezlerinden biri bolan Gwatemaladaky “Tikal”-da gaty gyzykly açyş edildi. Sincinnati uniwersitetinde işleýän alymlar tarapyndan açylan açyş, maýalylaryň käbir tebigy önümler bilen çylşyrymly suw arassalaýyş ulgamlaryny ýasandygyny görkezýär. Hünärmenler täze açyşlaryny tolgundyryjy diýip häsiýetlendirýärler.

Alymlar häzirki wagtda Korriental diýilýän ýerde arassa suw howdanyny tapdylar. Bu suw howdanyndaky gözleglerini giňelden alymlar munuň Maýa siwilizasiýasy döwrüniň iň möhüm arassa suw çeşmelerinden biridigine düşündiler. Şeýle hem suw howdanyndaky galyndylary gözden geçiren alymlar bu suw howdanynda kwars we zeolit ​​minerallarynyň bardygyny gördüler. Bu minerallar häzirki wagtda-da suwy süzmek üçin ulanylýar.

Gözlegiň esasy hünärmeni Barnett Tankersliniň aýtmagyna görä, bu arassalaýyş ulgamy sebäpli maýalar zyýanly maddalardan, mikroplardan we azoda baý birleşmelerden halas bolupdyrlar. Tankersli, açyşyň iň täsirli aýratynlygynyň, maýalylaryň 2000 ýyl ozal ulanan suw arassalaýyş ulgamynyň henizem Ýewropada ulanylýandygyny düşündirýär.

Gözlegiň beýleki hyzmatdaşy Nikolas Dunningiň beren beýanatynda sebitde 10 ýyl ozal kwars we zeolit ​​tapandyklaryny aýdýar. Täze açyş wagtynda alnan nusgalary on ýyl mundan ozal alnan nusgalar bilen deňeşdirendiklerini aýdyp, alym iki nusganyň arasynda meňzeşligiň bardygyny aýdýar. Şol döwürde ýaşaýan adamlaryň bu materiallary suw çüýşelerini gaýta-gaýta doldurmak üçin ulanandyklaryny mälim eden Dunning, süzülen suwuň tagamyny we arassalygyny maýalylar gowy bilendiklerini nygtaýar.

Baýramgylyç ALTYBAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok