Microsoft-a degişli GitHub, RIAA-nyň awtorlyk hukugy bilen baglanyşykly dörän meseleleri sebäpli YouTube-dan wideo we aýdymlary ýükleme programmasyny aýyrdy. Deslapky kody aýyrmagy bilen ähli sahypalarda bu programma ýatyryldy.
Häzirki wagtda iň uly wideo paýlaşma platformasy bolan “YouTube” -da millionlarça wideo bar. Bu wideolaryň arasynda halaýan käbir wideolarymyzy ýa-da böleklerimizi YouTube-DL atly guralyny ulanyp islendik enjama göçürip alyp bilýärdik. Şeýle-de bolsa, bu guralyň deslapky kody indi ýok
Microsoft-yň GitHub platformasynda degişli ähli kodlar YouTube-DL-den göçürip almak guralyndan ähli nusgalary aýryldy. Çeşme kodynyň aýrylanlygy sebäpli ulanyjylar sahypa girip bilmeýär.
Şeýle-de bolsa, RIAA tarapyndan edilen bu hereket käbir ulanyjylaryň pikiriçe asla dogry däl diýlip hasap edilýär. Häzirki wagtda ulanyjylar bu meseläni hukuk ýagdaýda çözülmegine garaşylýar.
“YouTube-DL” ulanyjylary bu guraly erbet maksatlar üçin ulanmanlygyny aýdýarlar. Käbir adamlar muny öz mazmunyny ätiýaçlandyrmak üçin, käbirleri aýrylyp bilinjek wideolary arhiwlemek üçin ulanýarlar. “YouTube-DL” -iň gaýdyp geljekdigi ýa-da gelmejekligi entek belli däl.
TÄZEGÜL MUHAMMETGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.
Teswirler