«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky müşderilere täze «Cash back» maksatnamasyny hödürleýär

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky täze «Cash back» sylaglandyrmak maksatnamasyny hödürleýär. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy mynasybetli, bankyň müşderileri «Altyn asyr», «Maşgala» we «Goýum bank kartlaryndan» 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl görnüşde hasaplaşyklar geçirilende, her bir geçirilen amalyň 2 göteriminiň bank tarapyndan höweslendiriş sylagy hökmünde yzyna, müşderileriň kart hasabyna gaýtarylýandygyny habar berýäris.

«Cash back» sylaglandyrmak maksatnamasynyň düzgünleri bilen «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň tbbank.gov.tm web sahypasyndan tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-70-37, 44-71-72.

Şeýle-de okaň:
«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Owerdraft» karzyndan peýdalanmaga çagyrýar!
«Owerdraft karty» atly täze bank kartynyň nusgalary tassyklanyldy
Bank ulgamy kämilleşdirilýär
«Rysgal» banky müşderilerine täze «Internet-banking» hyzmatyny hödürleýär
«Altyn asyr» kartlary boýunça satyn alsaňyz, «Halkbank» hasabyňyza 3% keşbek geçirer
“Rys­gal” bank “Cash-back” hyz­ma­ty­ny ýola goýdy
Merkezi bank iş orunlaryny hödürleýär

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok