BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň guramagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna mynasybetli BMG-niň resmi dilleri bolan arap we hytaý dillerinde “Halkara gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň orny” atly prezentasiýa bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige institutyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Talyplar Türkmenistanyň Bitaraplygyna eýe bolanyndan soňky 25 ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri, ykdysady ösüşleri, medeni-ynsanperwer ulgamynda durmuşa geçirilen işler dogrusynda çykyş etdiler. Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylda tassyklap beren “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek” Konsepsiýasy boýunça düzülen meýilnama esasynda geçirildi. Bäsleşikde emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça ýeňiji bolan talyplara institutyň adyndan hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda talyp ýaşlar özleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Garyman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok