Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyň ösüşi

2020-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Soňky ýyllaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze tapgyry barada nygtaldy.

Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatyny, onuň garaşsyzlygyny we döwletiň Bitaraplyk syýasatyny goldaýanlygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk sözleri aýdyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy barada kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Syýasy gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan hökümetara hyzmatdaşlygy hem has berkidildi.

Bulardan başga parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Has takygy, taraplar parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde iki ýurduň parlamentleriniň wekilleriniň duşuşuklarynyň önjeýliligini belläp geçdiler.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşi barada aýratyn nygtap geçdiler. Ýapon kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlaryndaky ösüşine goşant goşýarlar. Muňa mysal hökmünde, Mary şäherindäki karbamid öndürýän zawody, Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumy, Türkmenabatdaky kükürt kislotasyny öndürýän zawody, Garabogaz karbamid öndürýän zawody ýaly gurluşyklar boýunça taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini bellemek bolar. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk, Türkmenistanyň Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) täze zawody bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijesi bolup durýar.

Taraplar beýleki ugurlar, şol sanda fosfor dökünleriniň öndürilmegi, oba hojalygyna degişli tehnikalaryň satyn alynmagy boýunça taslamalaryň ilerlemegini kanagatlanma bilen nygtadylar. Energetiki we beýleki desgalaryň gurluşygy boýunça ýapon kompaniýalary bilen gepleşikler dowam etdirilýär. Gurluşyk ulgamynda, şol sanda bu ugurda ýapon bilermenleriniň işläp düzen aýratynlyklary boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly mümkinçiliklere seredildi.

Öz gezeginde, Katsumata Takahiko türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine hem-de Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin oňyn maýa goýum şertleriniň döredilmegine aýratyn üns berýänligini göz öňünde tutup, türkmen tarapyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Taraplar şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada bellediler we hyzmatdaşlygyň geljekde ösdürilmegi boýunça özara pikir alyşdylar.

Şeýle-de okaň:
Berdimuhamedow Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory adyny aldy
Tokýo uçaryna münüp bilmedim
Ýaponiýanyň Hasegawa atçylyk fermasynda ýene bir Ahalteke taýçanagy dünýä indi
Aşgabatda ýapon dilini nirede öwrenip bolýar?
Ýaponiýada okamak üçin MEXT programmasy
Türkmen-ýapon biznes forumy geçirildi
Türkmen-ýapon işewürler maslahaty başlaýar
Ýaponiýa resmi delegasiýa ugraýar
Türkmenistan innowasion senagaty ösdürmekde möhüm ädim ätdi
Türkmen-ýapon işewürler maslahaty başlaýar
Forumyň ikinji bölümi başlady
Syýahatçylyk 20% artdy
Hünärmenleri ýetişdirmek üçin hyzmatdaşlyga taýýar
Ylym we tehnologiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok